Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Türkmenbaşy şäher hem-de etrap Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaby barada giňişleýin gürrüň edildi. Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny hem-de galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.