Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda Täze ýyly guramaçylykly geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyny dabaraly garşy almak, baýramçylygyň bellenilýän günlerinde ýaş nesilleriň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, zyýanly endikleriň, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalaryň öňüni almak hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Şeýle-de mekdep okuwçylaryň we kiçi ýaşly çagalaryň öýlerde we köçelerde tertip-düzgüni pugta berjaý etmekleri, köçelerden, ýodalardan geçilende awtoulaglardan ägä bolmaklary barada aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljegi ugrunda ähli aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowana ýollarda rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.
Akmuhammet NAZAROW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.