TÜRKMENISTAN – NEBIT GAZYŇ WATANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistan – nebit gazyň Watany» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen bu dabara hormatly Prezidentimiziň «Geljekde biz Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçireris» diýen sözlerinden ugur alyp guraldy.

    Çärede Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň «Miras» tans toparynyň sungat ussatlary ata Watanymyzda amala aşyrylýan ösüşleri, hemişelik Bitaraplygy, dost-doganlygy, agzybirligi, asudalygy wasp edýän aýdym-sazlary bilen çykyş  etdiler. Dabarada baýramçylyk mynasybetli gutlag çykyşlaryna hem giň orun berildi.

    Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar ajaýyp döwri peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Annajemal NURJANOWA,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet

konserniniň şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Dekabr 2024 | 2206 okalan

TÜRKMENISTAN – NEBIT GAZYŇ WATANY

13 Dekabr 2024 | 195 okalan

WELOSIPED – SAGLYK WE BELENT RUH