ALAJA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

     Milliligimiziň sarpalanýan döwründe ene-mamalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyzyň we el işlerimiziň gadyr-gymmatyny ösüp gelýän ýaş nesilleriň aňyna ýetirmekde geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, okuwçy we talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklarydyr, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

     Şeýle çäreleriň biri ýakynda Mary nebit gaz orta hünär okuw mekdebinde geçirildi. «Alaja aladyryn-nagyşda läledirin» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary şäher Geňeşi ady agzalan orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guradylar. Oňa talyp gyzlar we mugallymlar işjeň gatnaşdylar.

     Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň hiç bir halkyňka meňzemeýän ajaýyp däp-dessurlarynyň, edim-gylymlarynyň we milli ýörelgeleriniň bardygy, şonuň bilen baglylykda, yrym-ynançlara görä gara we ak sapakdan, düýe ýüňünden işilip, dokalan alajanyň hem göz degmeden goraýan gudrat hasaplanylýandygy aýratyn nygtaldy.

     Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiziň mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiziň mährem enesi Ogulabat ejäniň senetden sungata, sungatdan gudrata öwrülen el işleriniň her bir türkmen ýaşlary üçin nusgalyk mekdepdigi baradaky buýsançly söhbetler, çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

     Duşuşygyň ahyrynda milliligimizi dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Laçyn KAKAJANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar