SPORT-SAGLYGYŇ GÖZBAŞYDYR

     Ýurdumyzda ruhubelent ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi asylly ýörelgä öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 7-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Murgap etrap Geňeşiniň gurnamagynda sport çäresi geçirildi.

     «Sport - saglygyň gözbaşydyr» diýen at bilen ýaýbaňlandyrylan çärede sporta höwesli ýaşajyk körpeler uzak aralyga ylgamak boýunça özara bäsleşdiler. Ýaş nesliň sport ussatlyklaryny ýüze çykarmak hem-de olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen guralan ýaryş çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli guralmagy ýaşlarda kiçilikden çakganlyk, çalasynlyk we tutanýerlilik ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Ýaryşyň dowamynda oňa gatnaşanlar eziz Diýarymyzda ýaş nesliň bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Pälwan SAPAROW,

TMÝG-niň Murgap etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar