BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda «Kalpda Watan, golda gülälek bolsun, geljek Täze ýylymyz mübärek bolsun!» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu çärä TMÝG-niň Mary welaýatynyň etrap, şäher Geňeşleriniň işgärleri, talyp ýaşlar we mugallymlar gatnaşdylar.

     Toý röwüşde geçen baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň ata Watanymyzyň şu günki ýeten belent derejesini, halkymyzyň eşretli durmuşyny we Täze ýyl baýramyny wasp edýän şirin owazly aýdym-sazlardyr ajaýyp tanslary çäräniň şowhunyny has hem artdyrdy.

     Dabarada Täze ýyl arzuwlarydyr baýramçylyk gutlaglaryna aýratyn ähmiýet berildi. Çärede türkmen halkynyň bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

 

Batyr GURDOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar