Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň neşir edilmegi, bagtyýar ýaşlaryň ykbalyna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş eýledi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýän maslahat duşuşyklarydyr «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýar.
Şu nukdaýnazardan, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen brifing duşuşygy has-da täsirli boldy.
Duşuşyk Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň türkmen halkymyz üçin toý sowgady bolandygy baradaky buýsançly çykyşlar bilen açyldy. Çykyş edenler Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Hakyda göwheri» atly bu ajaýyp kitabynyň türkmen ýaşlary üçin gymmatly ylham çeşmesidigini, ruhy şamçyragdygyny we terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny öwran-öwran nygtadylar.
Sowallar arkaly dowam eden brifing duşuşygynda täze kitabyň geçmişiň beýikligi bilen şu günüň okgunly ösüşini birleşdirýän özboluşly köprüdigi baradaky joşgunly çykyşlara aýratyn üns çekilip, ajaýyp kitabyň birinji we ikinji baplarynda giňişleýin beýan edilýän şöhratly taryhymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz we ruhy-medeni mirasymyz dogrusynda bellenilip geçildi.
Şeýle hem bu ýere ýygnananlaryň her biri «Hakyda göwheri» atly täze kitaby bagtyýar halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny, eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.