Ýaňy-ýakynda şeýle mazmunly şygar bilen Sakarçäge etrabynyň 1-nji sport mekdebinde çagalaryň arasynda sportuň Grek-Rim görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bäsleşigi ady agzalan mekdep bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi bilelikde guradylar.
Bäsleşik «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçdi. Oňa etrabyň sportuň Grek-Rim görnüşi bilen meşgullanýan ýaş türgenleri gatnaşdylar. Sport ýaryşy örän çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Türgenler bu çärede özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik aldylar. Çeýelik, dogumlylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetleri hemra edinen ýaş türgenler sportuň Grek-Rim görnüşi boýunça ussatlyklarynyň barha kämilleşýändigini subut etdiler. Ýaş nesliň wekilleriniň ýerine ýetiren görkezme çykyşlary hem täsirliligi bilen tapawutlandy.
Sport çäresiniň dowamynda ýeňiji bolan we tapawutlanan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çärä gatnaşyjylar ata Watanymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Sähra UMMALYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.