Täze ýyl baýramynyň gelmegi bilen welaýatymyzyň çäginde geçirilýän terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Ýakynda şeýle ähmiýetli çäreleriň biri Garagum etrabynyň 23-nji orta mekdebinde hem geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň, etrap Polisiýa we bilim bölümleriniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde tassyklan iş meýilnamasy esasynda geçirilen wagyz-nesihat çäresine ady agzalan orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary hem-de mugallymlary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda terbiýeçilik ähmiýetli täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesiller aýratyn aladalar bilen gurşalyp, olaryň ylymly-bilimli, arassa ahlakly we kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda aýratyn nygtadylar. Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görülýän döwründe ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni saklamak, hukuk bozulmalaryň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak bilen bagly söhbetler bolsa, çykyşlaryň özenini düzdi.
Çykyşlaryň dowamynda eziz Watanymyzyň daýanjy hasaplanýan bagtyýar ýaşlaryň okamagyna, öwrenmegine döredip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Sülgün AGAJANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.