Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak we ony dabaralandyrmak maksady bilen baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Ýakynda Baýramaly etrabynyň «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda «Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Diýara!» ady bilen geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy hem özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum we Baýramaly etrap Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda geçirilen dabara dürli ulgamlarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk çäresinde Mary welaýatynyň Garagum hem-de Baýramaly etrap medeniýet bölümleriniň mahmal owazly aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar diňlenildi. Ata Watanymyzy, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, Täze ýylyň ajaýyplygyny wasp edýän aýdymdyr sazlar çärä gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Wäşileriň ýerine ýetiren gülküli sahnalary bolsa dabaranyň şowhunyny has hem artdyrdy.
Aýdym-sazly dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ýazmyrat ANNAGURBANOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.