Güneşli diýarymyzda ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmaklyk ugrunda birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler Baýramaly etrabynda hem giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň Baýramaly etrap Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 47-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň arasynda «Biz zehinlileri gözleýäris» ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigi hem örän täsirli we şatlykly pursatlara baý boldy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda zehinli ýaşlar ukyp-başarnyklaryny aýdym aýtmak, saz çalmak we degişme sahnalaryny ýerine ýetirmek arkaly açyp görkezdiler. Bu bolsa eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar bolan bagtyýar ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin özboluşly mümkinçiligi döretdi.
Bäsleşikde ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşan bagtyýar ýaşlar öz zehinlerini ýüze çykarmakda, kämil bilim almakda, döredijilik bilen giňden meşgullanmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Azat MUHIÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.