WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi hem-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Çärede çykyş edenler adam saglygyna howp salýan partlaýjy we pirotehniki serişdelerini ýasamagyň, satmagyň we ulanmagyň gadagandygy, onuň ynsan saglygyna, şeýle-de jemgyýete ýetirip biljek zyýany hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da, ýaş nesillerde sporta bolan höwesi artdyrmak, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni berjaý etmek barada söhbet edildi.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Gulaýym AŞYROWA,

TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Ýanwar 2025 | 22 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

25 Ýanwar 2025 | 95 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI