TÜRKMEN USSADY – MAGTYMGULY PYRAGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi» diýip belleýär. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bu günki gün dünýä ýüzüniň iň gymmatly, bahasyna ýetip bolmajak eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Dana şahyryň her bir jümlesi, her bir şygry bütin adamzat üçin görelde mekdebi, ruhy çyrag bolup durýar. Sebäbi Pyragynyň döredijiliginde beýan edilýän setirler adamzadyň bu panyda nähili, neneňsi ýaşamalydygyna, onda haýsy ýola ugrukmalydygyna ýol çelgi bolup hyzmat edýär. Eýsem, şeýle beýik dünýä garaýyşy bolan bu şahsyýetiň döredijiligini öwrenmek, ony dünýä ýaýmak nähili derejede gymmatly bolup biler?

Döwür aşyp, heňňam geçip, bu gün eziz halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere beslenip, Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýar. Häzirki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylymyzda hem dana akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary dünýäni özüne bendi edýär. Şahyrlar, ýazyjylar, sungaty we medeniýeti söýýän halk muşdaklary we halypalary onuň şygyrlaryndan ruhlanyp, ençeme özboluşly eserleri döredýärler, şeýlelikde dana şahyrymyzyň sarpasyny arşa galdyrýarlar. Eýsem, bular nämeden nyşan?! Elbetde, Pyragynyň öz halkyna bagyşlap ýazan hem ýadygär galdyran umumadamzat ähmiýetli döredijiliginden nyşandyr! Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmak bolsa türkmen halky üçin aýrylmaz, ebedi borç bolup durýar.

Türkmeniň ruhunyň synmajak sütüni saýylýan dana şahyrymyzyň bahasyz edebi mirasy ýaş nesillere görelde bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýaş nesilleri Watanymyza, döwletimize wepaly, watansöýüjilik, zähmetsöýer, ynsanperwer ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde nusgawy şahyrymyzyň şygyrlarynyň, goşgy setirleriniň ähmiýeti örän uludyr.

Türkmen halkynyň bäş müň ýyldan hem gowrak taryhy bar. Şol taryhy menzilde-de halkyň edebiýaty ýanyndan goýmandygyny biz bilýäris. Emma şeýle - de bolsa, Magtymguly Pyragynyň hakydalarymyzda esasy orny eýelemeginiň sebäbi onuň döredijiliginde halkylygyň güýçlüligidir. Halkylyk diýlen düşünje has düşnükli beýan edileninde, halka ýakynlyk diýmekdir. Şahyryň ylham önümi bolan eserleriniň diliniň halka ýakynlygy hem-de ruhunyň ynsana ýakynlygy halkylygyň esasy ölçegleridir.

Akyldar şahyrymyzyň mertebesiniň halkara derejesinde dabaralanmagy baradaky aladalaryň gözbaşynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň... öňünde baş egýärin» diýip nusgawy şahyrlarymyzyň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyna ýokary baha berýär. Akyldar şahyrymyzyň ylhamynyň önümi bolan goşgulary süňňündäki nakyla çalymdaş has sazlaşykly, akgynly pähim-parasatlar halkyň baý tejribe mekdebiniň şahyrana beýanydyr.

Magtymgulynyň eserleriniň adamyň ruhuna derman, melhem ýaly täsir edýändigini aýtmak açyş edildigi däl-de, hakykaty ýene bir gezek ykrar etmekdir. Onuň çuň pähiminden, ýiti zehininden giň gözýetiminden dörän sözler her bir jemgyýetde, milletde, zamanda gymmatyny ýitirmeýän baýlyk hökmünde kabul edilýär. Onuň hem sebäbi Magtymguly bütin adamzadyň zandyndaky arassalygy, edermenligi, halallygy, sahawatlylygy sadalyk bilen düşnükli dilde wasp edip, ýaramazlyklary, betpäl gylyklary paş edip, bize miras galdyrypdyr.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyndaky Magtymgulynyň öz ýaşan öýüni (hüjresini) muzeýe öwrüp, bu medeni ojakda beýik şahyryň ömrüne we durmuşyna, neberesine degişli hem-de şol döwrüň adamlarynyň öý-hojalygynda ulanan ýüň daraklary, çäýnek-käseleri, gap-gaçlary, iş gurallary we beýleki medeni gymmatlyklar ýerleşdirilipdir. Şahyryň eserleriniň hatdatçylyk we daşbasma usulynda taýýarlanan kitaplary has-da özüne çekiji. Akyldaryň senetçilik bilen meşgullanan işlerinden magşugy Meňlä niýetläp ýasan, ýüzünde «Meňli» diýip ýazylan ýüzügi, uýasyna Hindistandan getiren täsin çäýnegi we onuň halyça geçirilen şekili ýerli halkyň öz mähriban ogluna çuňňur hormat-dereje bildirýändigine şaýatlyk edýär.

 

Serdar DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi

Dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky

komitetiniň agzasy.

Meňzeş habarlar