"MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY"

Magtymguly Pyragy ýiti parasatyň, çuňňur paýhasyň, ötgür sözüň gudraty bilen dünýä edebiýat äleminde ady arşa göterilen beýik akyldar şahyrdyr. Söz ussadynyň belent mertebesi, oňa bolan hormat – sylag diňe bir türkmeniň däl, eýsem, ynsan nesliniň kalbynyň töründe baky orun tutdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülmegi ugrunda asyrlara ýaň saljak işler durmuşa geçirildi. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şahyryň şygyrlarynda güneşli Diýarymyzyň dürli künjekleri we dünýä ýurtlary barada aýdylan sözleriň manysyna içgin aralaşanyňda, onuň syýahat eden ýerleriniň ilatyna iňňän ýokary sarpa goýandygyna magat göz ýetirýärsiň. Şol bir wagtda daşary ýurtlaryň ylym we şygyr muşdaklaryna Magtymguly Pyragynyň şygyrlary giňden ýaýrapdyr. Akyldar şahyr öz şygyrlarynda türkmenler bilen goňşy we alys ýurtlarda ýaşaýan halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň kökleriniň taryhyň jümmişine aralaşýandygyny, dünýäniň dürli ýurtlarynda türkmenleriň abraýynyň örän ýokary bolandygyny belläp geçýär. Munuň şeýledigini akyldar şahyryň “Gözel sen” atly şygrynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň ady agzalyp, mertebesiniň ýokary tutulandygy hem tassyklaýar. Şygyrda:

Usta Japar işi, senjap jüpbesi,

Yspyhanda gurlan ýaýy, gözel sen!

 

Gyzyl diýsem – gyzyl, al diýsem – al sen,

Hindistanda – şeker, Bulgarda – bal sen.

 

Owazaň Çyn – Maçyn, daglar aşasy,

Seni görenleriň akly çaşasy.

Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ajaýyp setirleri indi diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, adamzadyň şirin zybanynda nakyl, pähim, dessan bolup ýaňlanýar. Şonuň bilen birlikde, bu eserleriň gaýtalanmajak döredijilik älemi dil baýlygyny, edebi gymmatlyklary çuňňur mazmuna, müdimi şöhrata besläp, geljege barýar. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde «Akyldar şahyrymyzyň öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri her bir türkmeniň kalbyna we aňyna baky oraşdy» diýip, juda jaýdar belleýär. Magtymguly Pyragynyň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen pelsepe-parasaty, pikir-garaýyşlary täze taryhy döwrümizde halkymyzyň köpasyrlyk durmuş taglymy hökmünde dünýäde ykrar edildi.

 

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar