Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň edebi eserlerini, halkyň milli-edebi gymmatlyklaryny gorap saklamaga, olary dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi türkmen edebiýatynyň buldurap akýan çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip, beýik şahyryň dürler hazynasyna ýokary baha berýär. Munuň özi akyldar Magtymguly Pyragynyň sarpasyny has-da belende galdyrýar.
Milli Liderimiz jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysy» kitabynda birnäçe akyldarlaryň, Mahmyt Kaşgarlynyň, Omar Haýýamyň, Ýusup Balasagunlynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Jelaleddin Rumynyň, Alyşir Nowaýynyň, Muhammet Fizulynyň... atlarynyň arasynda Magtymgulynyň adyny tutmak bilen beýik şahyryň iň uly arzuwyny hasyl edýär. Magtymguly Pyragy özüniň «San bolsam» atly goşgusynda bularyň arasynda adynyň tutulmagyny kalbynda besläpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyryň sarpasy has-da belende galdyrylýar. Akyldar şahyry diňe bir öz iliniň danasyna öwürmek bilen çäklenmän, dünýä halklarynyň arasynda hem giňden tanadylýar. Ussat Magtymgulynyň ömrüni we edebi mirasyny bu gün her jähetden çuňňur öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Magtymguly atamyzyň dürdäne setirleri bu gün köňülleriň, ýürekleriň töründe ýaşaýar. Beýik akyldarymyzyň döredijiligi uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolup, onuň pendi-nesihatlary, öwüt-ündewleri ýaşlar üçin hem ruhubelentligiň, ynsanperwerligiň gymmatly edep-terbiýe mekdebidir. Türkmen halkynyň kitaba bolan sarpasy, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bolan ýürek buýsanjy ata-babalarymyzdan galan mirasdyr.
Kümüş BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
uly mugallymy.