PYRAGYNYŇ WASPY ÝAŞLARYŇ DILINDE

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda nurana geljegine tarap ynamly öňe barýan halkymyz özüniň ruhy seždegähi, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde dabaralandyrýar. Merdana halkymyzyň bu döwletli tutumy dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna hem-de gyzyklanmasyna eýe bolýar. Şeýle hakykat türki medeniýetiň halkara guramasynyň – TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginde aýdyň ýüze çykýar. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi şeýle buýsançly subutnamalaryň üstüni ýetirdi. Beýik söz ussadynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilip geçiljek dabarasynyň dünýä derejeli toý dabaralara beslenmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Munuň özi islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşini gazanmakda maddy-ruhy gymmatlyklaryň sazlaşygynyň ilkinji zerurlyklaryň biri bolup durýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan Gündogaryň akyldary, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasyna uly gyzyklanma bildirmegi öz-özünden düşnüklidir. Sebäbi, türkmen halkynyň beýik akyldar ogly islendik halk üçin hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek watansöýüjiligi, halallygy, belent ahlak sypatlaryny, birek-biregi hormatlamak, sarpalamak, hemaýat-goldaw bermek ýaly ynsanperwer, hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlygy wagyz-ündew edýän gymmatly şygyrlary miras goýupdyr.

Şunuň ýaly kämil ahlak sypatlaryny tutuş döredijiliginiň süňňüne siňdiren akyldar şahyrymyzyň öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleri üçin mizemez durmuş ýörelgesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň örän jaýdar nygtaýşy ýaly: «Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir».

Türkmen ýaşlarynyň uly toparyny özüne birleşdirýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem beýik akyldaryň adyny hormat bilen götermeginiň özeninde çuňňur many jemlenendir. Şygyrlarynyň üsti bilen many dürüni saçýan beýik söz ussadynyň edebi mirasy ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygynyň mizemez binýady bolup gelýär. Onuň melhem şygyrlary, gymmatly edebi mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir. Şahyryň öwüt-nesihata ýugrulan şygyrlary mähriban Watanymyzyň kalbynda berkarar döwletimize buýsanç duýgulary möwç urýan bagtyýar ýaşlary terbiýelemegiň gözbaşy bolup durýar. Täze taryhy eýýamda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dost-doganlygy mizemez ýörelge edinen ýaşlarymyz yzygiderli 54 kämilleşýän, özgerýän jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerini hem-de milli agzybirligimizi pugtalandyrmakda uly güýç bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmekde üstünlikli durmuşa geçirilýän taryhy özgertmelerde bagtyýar ýaşlarymyzyň şunuň ýaly bir bitewi güýje öwrülmeginde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Hut şonuň üçin hem beýik akyldarymyzyň kämillige çagyrýan öwüt-nesihatly şygyrlary Watanymyzyň egsilmez kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň dilleriniň senasydyr, ykballarynyň bezegidir!

Jemgyýetiň ruhy-ahlak sagdynlygynda şunuň ýaly mynasyp orny eýeleýän nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde baýram edilmegi umumydünýä ösüşine gymmatly goşant goşan halkymyzyň özboluşly medeni mirasyny wagyz etmegiň, ylmy taýdan düýpli öwrenip, halkara ylmy jemgyýetçiligine hem-de geljekki nesillere ýetirmegiň, beýik akyldarlarymyzyň, alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň edebi mirasynyň umumadamzat bähbitli çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmagyň binýadyny has-da pugtalandyrýandygyna subutnamadyr. Munuň özi häzirki zaman dünýäsinde halklaryň dostlugynyň, agzybirliginiň hatyrasyna medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda, halkaryň geljegi üçin medeni gymmatlyklary aýap saklamakda hem-de geljekki nesillere ýetirmekde örän ähmiýetlidir.

 

Guwanç ÇENDIROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

Meňzeş habarlar