MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASYNYŇ ÖWRENILIŞI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde milli edebiýatymyzyň görnükli şahsyýetlerini öwrenmäge we ýaş nesillere öwretmäge, olaryň döredijilik aýratynlyklaryny seljermäge bolan talaplar täze many-mazmuna eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen edebiýatynyň beýik şahsyýetleriniň täzeçe öwrenilmeginde-de aýgytly ädimler ädildi. Şeýle şahsyýetlerimiziň biri-de Gündogaryň akyldary, türkmen halkynyň milli guwanjy Magtymguly Pyragydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragy nusgawy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döretmegi başaran şahyrdyr» diýip belleýär.

Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazananyndan soň, Pyragynyň döredijiligini öwrenmek işi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Birnäçe ylmy işler, monografiýalar, tekstologik derňewler edildi. Şeýle işleriň ilkinjileriniň hatarynda magtymgulyşynas alym Ahmet Bekmyradowyň «Magtymgulynyň şahyrlyk dünýäsi» atly monografiýasyny, şeýle hem ýene bir magtymgulyşynas alym Muhammetnazar Annamuhammedowyň «Magtymguly, gizlin syryň bar içde» atly iki jiltlik kitaplaryny, alym Aman Şyhnepesowyň «Magtymgulynyň älemi» atly ylmy-derňew işini görkezmek bolar. Häzirki wagtda şahyryň döredijiligi belli alymlarymyz tarapyndan köptaraplaýyn öwrenilýär.

Bu gün Magtymgulyny öwrenijiler dünýäniň ähli yklymynda diýen ýaly bar. Olary ylmy jemgyýetçilige tanyşdyrmakda, pikirlerini ýaýmagy üçin şert döretmekde her ýyl geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryň hyzmaty örän uly. Kimler şahyryň döredijilik mirasynyň watançylyk, ýurt-toprak, agzybirlik, bitewülik, kimler sosial-durmuş, ahlak ýörelgeleri, kimler yşky-söýgi... jähedini öwrense, olaryň ählisi-de bir zatda, ýagny türkmen şahyrynyň ussatlygynyň öňünde baş egýärler. Bu gün alymlaryň Magtymgulynyň döredijiliginden öz halkynyň beýik akyldarlarynyň dünýägaraýyşlarynda gabat gelýän pikirleri yzlaýanlary hem seýrek däl.

Türkmen milletiniň baý edebi mirasyna göz ýetiren onlarça taryhçylardyr edebiýatçylaryň soňlugy bilen halkymyzyň ruhy-medeni mirasynyň hakyky janköýerlerine öwrülendikleri, olaryň bütin ömrüni şu toprakda geçmişde bolan beýik medeniýetleri öwrenmäge bagyş edendikleri hem muňa güwä geçip biler. Olardan türkmen söz sungatyny, Magtymgulyny öwrenen A. Wamberi, W.W. Bartold, Ý.E. Bertels, L.N. Samoýlowiç, L. Klimowiç ýaly edebiýatçylary, galyberse-de, onlarça türk, özbek, garagalpak, täjik, gazak, gyrgyz, azerbaýjan alymlaryny görkezse bolar. Magtymgulyny öwreniş ylmynyň taryhynda B. Kerbabaýew, M. Kösäýew, B. Garryýew, G.O. Çaryýew, Z.B. Muhammedowa ýaly onlarça türkmen alymlary uly işleri bitirdiler. Bu gün olaryň işi döwrümiziň zehinli edebiýatçylary tarapyndan dowam etdirilýär.

 

Gurbanjemal ANNAKOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar