Türkmenistanyň Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilip, oňyn we hemişelik häsiýete eýedir. Ýurdumyz bu jogapkärli derejeden gelip çykýan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna ýokary baha berýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä jemgyýetçiliginiň derwaýys işlerine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy, tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň netijeli çözülmegine anyk ýardam bermäge ýurdumyzyň oňyn gyzyklanmasy bilen şertlendirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitarap Watanymyzyň halkara derejedäki abraýy barha belende göterilýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmakda zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýär. 2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Watanymyzyň ählumumy derejede parahatçylygy goramak, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň giň goldaw tapýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Umumadamzat ähmiýetli şeýle Kararnamalaryň kabul edilmegi, dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ähmiýetli ornuny pugtalandyrmaga, milli bähbitleriň yzygiderli goralmagyna, howpsuzlygyň toplumlaýyn hem-de ygtybarly ulgamynyň üpjün edilmegine, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, möhüm halkara meseleleri BMG-niň Tertipnamasy esasynda çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam bermäge, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga giň ýol açýar.
Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty diňe bir halkymyzyň, ata Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşine hyzmat etmek bilen çäklenmän, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegi nazarlaýar. Döwletimiziň hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giňelmeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine aýratyn orun degişlidir. Geçen çärýek asyra golaý döwrüň içinde Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn guraly hökmünde ykrar edildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty, kanunçylyk ulgamy jebis utgaşdyrylandyr. Halkara hukuk kadalary bilen sazlaşdyrylan döwrebap kanunçylygyň esasynda halkara hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn, meýilnamalaýyn esasda ýola goýulmagy ýurdumyzdaky ykdysady ösüşleriň maksada okgunly we netijeli bolmagyna esas döredýär. Hemişelik Bitaraplygyň milli kanunçylyk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji we 9-njy maddalaryndan ugur alýar. Şeýle hem «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda onuň esasy ýörelgeleri berkidilendir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara hukuk binýady bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda iki gezek kesgitlenilýär.
Şunuň bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu resminama dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleri mundan beýläkde dowam etmegiň möhümdigini görkezýär.
Ýokarda aýdylanlardan görnüşi ýaly, Türkmenistanyň halkara giňişlikde barha berkeýän netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen diplomatik işjeňligini hem-de belent abraýyny alamatlandyrýar.
Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.