Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ählumumy tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýan, sebitde we dünýäde ýokary abraýly hem-de täsirli döwlet hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda milli bähbitlerimiz dünýä bileleşiginiň umumy bähbitleri bilen doly sazlaşýar. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm meýilleriniň çuňňur we toplumlaýyn seljerilmeginde hem-de ösüşiň ählumumy işlerine köpugurly goşulmagynda döwletimiziň tutýan ornunyň has-da pugtalanmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyz halkara giňişlikde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrmak esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýär. Şu jähetden, Türkmenistan bütin adamzady tolgundyrýan gaýragoýulmasyz meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Döwletimiz bu meselelere jogapkärli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda wajyp orny eýeleýän ýurdumyz öz döredijilik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrýar.
Şu ýylyň 2-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi eziz Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Mundan başga-da, şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu halkara resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işlere berlen ýokary bahadyr.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 2-nji noýabrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Şeýle hem bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi sylaglamak dabarasy geçirildi. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilýändigini, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary babatda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar.
Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde bu babatda ähli şertler döredilýär. Bu günki gün ýurdumyz dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan halkara sport çäreleriniň yzygiderli geçirilýän mekanyna öwrüldi.
Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy, şu ýylyň maýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Bulardan başga-da, şu ýylyň 24-nji oktýabrynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara mertebesiniň barha ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary syýasy ugrunyň bolsa netijelidigini alamatlandyrýar. Syýasy nukdaýnazardan, şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi derwaýys meseleler boýunça diplomatik gepleşikleri geçirmäge we sebitde parahatçylyga hem-de durnuklylyga zeper ýetirmezden ýüze çykýan meseleleri sazlaşykly çözmegiň ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän öňüni alyş diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini ýene-de bir gezek subut edýär. Bu Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji, 2021-nji hem-de 2023-nji ýyllarda kabul eden «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalarynyň üstüni ýetirdi. Bu wajyp halkara resminamalar kabul edilende Merkeziň köp ýyllyk tejribesini umumylaşdyrmak zerurlygyndan we dünýäniň beýleki sebitlerinde onuň iş usullaryny ulanmaklygyň netijeliligini görkezmekden ugur alyndy.
Öňüni alyş diplomatiýasyny syýasy gepleşikleri geçirmegiň binýadynda ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň wajyplygy şu ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, dünýäniň 86 döwletiniň awtordaşlygynda kabul eden «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynda hem bellenýär. Bu möhüm halkara resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän döwletimiziň daşary syýasy strategiýasy dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamagy, döwrüň ählumumy howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmegi, ähli hyzmatdaş döwletler we halkara guramalar bilen deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmegi nazara alýar.
Süleýman AKMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.