WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna amala aşyran iş sapary we Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ýeňişi mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejede türkmen tuguny belende göterendigi, dürli ýurtlarda geçirilýän halkara sirk festiwallaryna gatnaşyp birnäçe gezek ýeňiji bolandygy, şonuň bilen bir hatarda ahalteke bedewlerimiziň at-abraýy, şan-şöhrady dogrusynda belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi, ahalteke bedewleriniň at-abraýyny, şan-şöhradyny dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.

 

OSMAN AŞYROW,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň

ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

10 Fewral 2025 | 1 okalan

BIZ OWAZ BILEN

10 Fewral 2025 | 4 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

07 Fewral 2025 | 1650 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI