Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçen Halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli “Waspyň sena boldy dillere bedew!” atly brifing duşuşygy geçirildi. Brifing duşuşygyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çärede çykyş edenler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri barada, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyndan olara gowşurylan pul sowgatlary dogrusynda buýsançly söhbet etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jennet BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Umumy bölüminiň Sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.