TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETE EÝE BOLDY

Şu gün Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren gymmatly tabşyryklary, öwüt-ündewleri, maslahatlary esasynda Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, olara türkmençilik ýol-ýörelgelerini düşündirmek, ýaramaz gylyk-häsiýetlerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

«Ruhy we beden taýdan sagdyn nesiller – bagtyýar geljegimiziň eýeleri» atly şygar astynda geçirilen bu wagyz-nesihat çäresi terbiýeçilik ähmiýete eýe bolup, onda täsirli çykyşlar edildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ähmiýeti, ýurdumyzda we dünýäde agzybirligi berkitmekde, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, abadan, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmekde beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň orny dogrusynda beýan edilen çykyşlar oňa gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary galdyrdy.

 

Beýzaly ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar