ILÇÄ ZOWAL ÝOK

Ýurdumyzyň daşary syýasatynda parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu hoşniýetli syýasat öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenleriň beýleki halklar bilen gatnaşyk edenlerinde mydama özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alandyklaryna taryh şaýatlyk edýär. Türkmen halky hemişe-de islendik jedelli meseläni çözmegiň, ilki bilen, parahatçylykly ýoluny öňe sürüpdir» diýip, «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda ýazýar.

Taryhy çeşmelerde türkmenleriň esaslandyran we dolandyran döwletleriniň hökümdarlarynyň goňşy hem-de sebitdäki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdary bolandyklary hakda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Munuň şeýledigine Akgoýunly türkmen döwletiniň taryhyny öwreneniňde-de göz ýetirmek mümkin.

Mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyz häzirki Türkmenistanyň çäginden daşarda-da birnäçe beglikleri, döwletleri gurupdyrlar. Şolaryň biri hem orta asyrlarda Oguz hanyň neslinden bolan baýyndyrlaryň guran Akgoýunly türkmen döwletidir. Bu döwlet dünýä taryhynda uly yz galdyran türkmen döwletleriniň biridir. Onuň meşhur hökümdary Uzyn Hasan (1453 — 1478 ýý.) döwleti ykdysady we syýasy taýdan ösdürmek üçin goňşy hem-de sebitdäki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Netijede, öňden bäri dowam edip gelýän dostlukly gatnaşyklar has hem pugtalandyrylypdyr. Sefewilerden bolan şyh Jüneýit bilen ilkinji gezek garyndaşlyk açylyp, gatnaşyklar berkidilipdir. Wenesiýa bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr.

Döwletara gatnaşyklarda ilçilere örän uly ähmiýet berlip, «ilçä zowal ýok» diýen düzgüne berk eýerilipdir. Gepleşiklere at-abraýa eýe, hormatlanýan adamlar ilçi hökmünde iberilipdir. Ilçiniň özüni alyp barşy, sowady, nebereleriniň bolmagy ynanylan işiň talaba laýyk ýerine ýetirilmegine täsir edipdir. Mysal üçin, Uzyn Hasan Osman döwletine ilçi hökmünde ýegeni Myrady, ejesi Saraý hatyny, soňra köşgüne gelen belli astronom alym Aly Guşçyny Fatyh Muhammediň ýanyna iberipdir.

Ilçiler ilçilik wezipesini ýerine ýetirenlerinde, göwnemakul garşy alynmasa ýa-da oňa ýeterlik üns berilmese, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklara-da täsir edipdir. Bu ýagdaýyň söweşiň başlamagyna sebäp bolan halatlary-da bolupdyr. Akgoýunly türkmen döwletiniň taryhçysy Abu Bekir Tähranynyň «Kitaby Diýarbekriýe» atly eserinde bular barada maglumatlar berilýär. Bu eser birnäçe daşary ýurt dillerine, şol sanda türkmen diline hem terjime edilip, döwletiň taryhyny öwrenmekde ygtybarly çeşme bolup durýar. Kitapda beýan edilişine görä, Uzyn Hasan söweşiň öňüni almak üçin teýmirleriň hökümdary Abu Sagydyň ýanyna ilçi iberipdir. Teýmirler ilçini kabul edenlerinde, sowgat hökmünde iberilen atlary ürküzipdirler. Uzyn Hasan: «Atlary ürküzmek döwleti ürküzmekdir» diýipdir. Netijede, olaryň arasynda söweş başlanypdyr.

Ilçi öz ýurduna gaýdanda, döwletiň hökümdary öz ilçisini ýa-ha bile, ýa-da soň şol ýurda ugradypdyr. Mysal üçin, Uzyn Hasan wenesiýaly ilçi gelende, kätip Muhammet atly ilçisini Lazaro Kwirinonyň ýany bilen ugradypdyr. Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Ýakup begiň (1478 — 1490 ýý.) dolandyran döwrüniň taryhçysy Fazlullah ibn Ruzbihan Hünjiniň «Tarih-i alam ara-ýi amini» atly eserinde-de munuň bilen bagly maglumatlar beýan edilýär. Taryhçynyň ýazmagyna görä, 1486-njy ýylda Memluk döwletinden Akgoýunly döwletine ilçi gelende, Ýakup beg soňky ýyl öz ilçisini Memluk döwletine ýollajakdygyny iberilen hata jogap hökmünde ýazypdyr. 1487-nji ýylda Ýakup beg, söz berşi ýaly, ilçisini Memluk döwletine iberipdir.

Döwletiň hökümdary, adat boýunça, gelen ilçilere sowgat beripdir. Ol, esasan, bedew, pul, azyk, lybas ýa-da döwletde öndürilýän önümler bolupdyr. Hökümdar ilçiniň gelmeginiň maksadyny oňlamasa, getiren sowgatlaryna ähmiýet bermändir. Ilçi ýurduna gaýdanda, özüne we hökümdara gowşurmak üçin hem sowgatlar berlipdir.

Umuman, ilçiler söweşiň öňüni almak, gepleşikleri geçirmek ýa-da dowam edip gelýän dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin hökümdaryň ynamdar wekili hökmünde iberilipdir. Şeýlelikde, olar döwletleriň arasynda parahatçylygy gorap saklamaga mynasyp goşantlaryny goşupdyrlar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenilmegi, geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de döwletara gatnaşyklarda ilçileriň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

 

Hurma ÇOMMADOWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri,

taryh ylymlarynyň kandidaty.

Meňzeş habarlar

18 Fewral 2025 | 529 okalan

ILÇÄ ZOWAL ÝOK