Paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasynyň binagärlik çözgüdinde-de şu ajaýyp nakylyň manysy öz beýanyny tapýar
Biz, köplenç, çeperleşdirip, Gahryman Arkadagymyza «Döwrümiziň Beýik Binagäri» diýýäris. Şeýle diýmek bilen, dünýä içre ykrar edilen Milli Liderimiziň halkymyz, Watanymyz üçin bitiren we bitirýän beýik işlerine çuňňur hormatymyzy beýan edýäris. 15-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçiren iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň durkuny täzelemek barada gymmatly maslahatlaryny we tabşyryklary beren pursatlaryny «mawy» ekran arkaly synlap, «Türkmen Bitaraplygynyň Beýik Binagäriniň» hem hut Gahryman Arkadagymyzdygy baradaky hakykata magat göz ýetirdik. Şol pursatlar Milli Liderimiziň diňe bir hemişelik Bitaraplygymyzyň Zemin içre ykrar tapmagy ugrunda irginsiz tagalla etmän, eýsem, bu gymmatlygyň şanyna dikilen binanyň gurluşygyndan we döwrebaplaşdyrylmagyndan başlap, Bitaraplygyň äheň-ähmiýeti hakyndaky düşünjeleriň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli hemmeleriň kalbynda orun almagyna çenli ähli meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýandygyny ýene bir öwra aýdyň tassyklady. Milli Liderimiziň halkymyzy taryhy ýyllaryň ajaýyp günleriniň jümmüşine alyp gidýän Bitaraplyk binasyny döwrebaplaşdyrmak, bu ýerde türkmen Bitaraplygynyň taryhyna degişli maglumatlary özünde jemleýän muzeýi we Bitaraplyk zolagyny döretmek, binanyň bezeginde Birleşen Milletler Guramasyna degişli nyşanlara orun bermek, şanly ýylda tutuljak uly toýlaryň dünýäniň media giňişliginde yzygiderli beýan edilmegini gazanmak barada beren maslahatlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýini giňden dabaralandyrmak babatda aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynda, diplomatiýasynda gazanylýan ähli üstünlikleriň gözbaşynda Bitaraplyk derejämiziň durandygy, munuň häzire çenli döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 28 sany Kararnama-da degişlidigi äşgär hakykatdyr. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bu gymmatlygyny wagyz etmek hakynda aýdanlaryndan ugur alyp, «Nesiliň» ýörite sahypasyny taýýarlamagy makul bildik.
1995-nji ýyl, 12-nji dekabr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnama halkara gatnaşyklaryň tejribesinde Bitaraplyk babatda Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen ilkinji resminama hökmünde taryha girdi.
2008-nji ýyl, 19-njy dekabr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisinde «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnama kabul edildi. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň energetika strategiýasyny ösdürmek hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyny üpjün etmek, köpugurly gaz geçiriji ulgamlary döretmek arkaly türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de energiýa serişdeleriniň howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçirilmegini gazanmak ýaly wezipeleri nazarlaýan Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň meýilleri bu resminamanyň esasy özenini düzýär.
2013-nji ýyl, 17-nji maý.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisiniň biragyzdan goldamagynda hem-de 70-den gowrak döwletiň awtordaşlyk etmeginde kabul edilen bu Kararnama halkara energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny emele getirmekde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylýandygynyň we tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
2014-nji ýyl, 19-njy dekabr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama kabul edildi.
2015-nji ýyl, 3-nji iýun.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edildi. Bu taryhy Kararnama Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek işinde özüne bildirilen ynamy doly ödändiginiň nyşany bolmak bilen, ýurdumyzyň dünýäniň iň iri wekilçilikli guramasy — Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolmagynda galýandygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen subut edýär.
2015-nji ýyl, 22-nji dekabr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnama kabul edildi.
2017-nji ýyl, 2-nji fewral.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu Kararnamada geçen ýyllaryň dowamynda Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, netijeli gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň, döwletlerdir halklaryň arasynda dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklary berkitmegiň täsirli guralyna öwrülendigi tassyklanylýar. Halkara Bitaraplyk güni dünýä senenamasynda parahatçylyk söýüjiligi, ynsanperwerligi hem-de raýdaşlygy, umumadamzat gymmatlyklaryny dabaralandyrýan baýram hökmünde bellenilýär.
2017-nji ýyl, 17-nji noýabr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama kabul edildi. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygynyň öňüsyrasynda kabul edilen bu resminamada BMG-niň degişli missiýasynyň parahatçylyk döretmekdäki ähmiýetine ýokary baha berilýär.
2017-nji ýyl, 20-nji dekabr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen bu ugurda kabul edilen Kararnamalaryň üçüsinde-de halkara hyzmatdaşlykda täze dörän ulag diplomatiýasynyň başyny başlaýjy ýurtlaryň biri hökmünde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulag ulgamynda degişli halkara hukuk gurallaryny döretmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlary beýan edilýär.
2018-nji ýyl, 12-nji aprel.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. 56 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen bu resminama dünýä jemgyýetçiligini ekologiýa taýdan arassa ulag hökmünde welosipedi köpçülikleýin ulanmaga çagyrýar.
2018-nji ýyl, 12-nji aprel.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi.
2019-njy ýyl, 28-nji maý.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Munuň özi XXI asyryň ählumumy howpuna öwrülen Aral meselesini çözmäge Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagynyň tarapdary bolup çykyş edýän ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlarynyň giňden goldanylýandygyny alamatlandyrýar.
2019-njy ýyl, 12-nji sentýabr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. 2021-nji ýylda — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde halkara derejede geçirilen çäreleriň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlerde dünýä jemgyýetçiligini jebisleşdirmäge, parahatçylygy, raýdaşlygy we ýurtlaryňdyr halklaryň arasynda gatnaşyklaryň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam edendigi ikuçsuzdyr.
2020-nji ýyl, 7-nji dekabr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamada gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmekde Bitarap döwletleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyryş beýan edilýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň toplan baý tejribesiniň, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň parahatçylyk döretmek mümkinçiliginiň ygtybarly syýasy gural hem ýolgörkeziji bolup hyzmat etjekdigini ynamly aýtmak bolar.
2021-nji ýyl, 16-njy aprel.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama kabul edildi. Onda agzalan düzümiň Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalary bellenilýär.
2021-nji ýyl, 29-njy iýul.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny dörediji ýurtlaryň biri hökmünde bu ugurda halkara bileleşigiň tagallalaryna örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi.
2021-nji ýyl, 9-njy sentýabr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Onuň maksady bu düzümleriň bilelikdäki tagallalary arkaly sebitde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge goşant goşmak üçin halkara hukuk guralyny döretmekden ybaratdyr.
2022-nji ýyl, 15-nji mart.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde welosiped sürmegi ösdürmek we ony jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek arkaly howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmäge ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezdi.
2022-nji ýyl, 28-nji iýul.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu möhüm resminamada BMG-niň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýen halkara hukuk derejesini resmi taýdan yglan edýär hem-de guramanyň ähli agzalaryny Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy saklamaga çagyrýar.
2022-nji ýyl, 6-njy dekabr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisinde kabul edilen Kararnama 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek bilen, onda Ýer ýüzünde parahatçylygy we raýdaşlygy berkitmekde syýasy gepleşikleri, dialogy hem-de özara ynanyşmagy ileri tutmaga çagyryş beýan edilýär.
2023-nji ýyl, 24-nji fewral.
Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama 3-nji gezek kabul edildi.
2023-nji ýyl, 16-njy maý.
Bu senede 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan edýän Kararnama kabul edilip, munuň özi ählumumy ulag diplomatiýasy boýunça gepleşikleriň başyny başlan döwlet bolan Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda gazanan uly syýasy ýeňşidir.
2023-nji ýyl, 19-njy dekabr.
Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
2023-nji ýyl, 19-njy dekabr.
«Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama ýurdumyzyň başlangyjy bilen energetika ulgamynda ozal kabul edilen resminamalaryň logiki dowamyna öwrüldi.
2024-nji ýyl, 21-nji mart.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama 86 döwlet awtordaş hökmünde gatnaşdy. Onuň esasy ýörelgeleri Birleşen Milletler Guramasynyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşini üpjün etmek hem-de gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly ýollar arkaly çözmek we geljek nesilleri uruş howpundan azat etmek ýaly maksatlary bilen gabat gelýär.
2024-nji ýyl, 6-njy sentýabr.
Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň dünýäde giňden dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
2024-nji ýyl, 24-nji oktýabr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi.
2024-nji ýyl, 2-nji dekabr.
Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynda «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilen senesi bu Şertnamanyň güýje girmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilýän günlerine gabat geldi.
Taýýarlan
Aýgül RAHYMOWA.