PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK – ÖSÜŞIŇ WAJYP ŞERTI

Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda wajyp orun eýeleýän adalgalar bolup durýar. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bu sözlere çuň many-mazmuny özünde jemleýän sözler, derwaýys adalgalar hökmünde garapdyr. Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işjeň diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyz taryhy ähmiýetli çykyşlarynda we dürdäne eserlerinde ýurdumyzyň öz ynsanperwer syýasaty bilen adamzat üçin parahatçylygyň, ynanyşmagyň, hyzmatdaşlygyň hem ösüşiň nusgalyk ýoluny döredýändigini uly buýsanç bilen belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli we döwrebap pikirleriň eýesi hökmünde «Dialog – parahatçylygyň kepili» taglymatyny öňe sürmegi bolsa döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, dünýä döwletleri, goňşy ýurtlar şeýle hem, halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklaýar.

Häzirki çylşyrymly şertlerde ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunda dünýä syýasatynda özara ynanyşmagyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalanmagynda döwletimiziň oňyn Bitaraplygyna möhüm orun degişlidir. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti baradaky garaýyşlar ylmy we tejribe taýdan delillendirilip giňişleýin beýan edilýär. Milli Liderimiz kitapda: «Adamzadyň bagty abadan hem rahat durmuşyndadyr. Biz ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň milli ýoluny ýöredýäris we bu ýoluň adamzat üçin juda ähmiýetli ýoldugyny öz işlerimiz bilen subut edýäris» diýip belleýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, dünýäde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berip, bar bolan howplara we wehimlere garşy netijeli göreşmegiň ýollaryny işläp düzmäge goňşy döwletleriň hem-de halkara bileleşiginiň giňden gatnaşmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary we teklipleri esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme halkara ähmiýetli Kararnamalar kabul edildi. Olaryň hatarynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly, «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly, «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamalary görkezmek bolar.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýäde barha dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Şular bilen bir hatarda, geçen ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 43-nji umumy mejlisinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanandygy bellenilmäge mynasypdyr. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň täze halkara başlangyçlary beýan edildi.

Syýasy nukdaýnazardan, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan şular ýaly möhüm resminamalaryň kabul edilmegi derwaýys meseleler boýunça diplomatik gepleşikleri geçirmäge we sebitde parahatçylyga hem-de durnuklylyga zeper ýetirmezden, dürli meseleleri çözmegiň ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän öňüni alyş diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini ýene-de bir gezek subut edýär.

Umuman, Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkitmegiň täsirli guraly hökmünde çykyş edýär. Türkmen diplomatiýasynyň geriminiň barha giňelmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz üçin belent mertebedir.

 

Gurban MYRADOW,

“Arkadagly Ýaşlar” elektron

žurnalynyň jogapkär kätibi.

Meňzeş habarlar