Parahatçylyk, ynanyşmak halkymyza pederlerden miras galan asylly ýörelgelerdir. Ýurdumyzda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi häzirki wagtda bu asylly ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Parahatçylygy saklamak, dost-doganlygy berkitmek döwletimiziň öňe sürýän daşary syýasatynyň özeni bolmagynda galýar.
Parahatçylyk we ösüş. Şu iki jümläni bir maksada gönükdirýän eziz ýurdumyz parahatçylyk arkaly her bir gününi beýik ösüşlere besleýär. Hut şoňa esaslanyp, dost-doganlygyň mekany hökmünde adygýan Watanymyz ynanyşmagyň ýoluna eýermek arkaly halkara giňişliginde ynsanperwer syýasaty alyp barýar. Parahatçylyk ýörelgesiniň ägirt uly ähmiýetini Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş” atly goşgusynda hem görmek bolýar:
Ýalňyşlary düzedeliň,
Sylalyň birek-biregi!
Ýamanlykdan ýüz öwreliň,
Ynamdyr dünýäň diregi!
Halklar – bir jebis maşgala.
Ýaşasyn parahat durmuş!
Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusyndaky her bir setir dünýä milletlerini parahatçylyga çagyrýan ajaýyp mukam bolup eşidilýär. Halk arasynda “Agzybire – Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr”, “Agzybiriň aşy bir”, “Agzy bir bolsa, göwün jem bolar” ýaly nakyllar ýöne ýere döremändir.
Parahatçylyk diýlende al-asmanda erkana uçup ýören, akja kepderiler göz öňünde janlanýar. Gadym döwürlerde kepderi döwletleriň arasynda parahatçylyk habarlary eltýän çapar hökmünde ulanylypdyr. Mawy asmanda ganatlaryny gerip uçup barýan kepderileri göreniňde, kalbyň heýjana gelip, parahat ýurtda ýaşaýandygyňa bolan buýsanjyň has-da artýar.
Goý, parahatçylygyň mekany bolan eziz ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy mundan beýläk hem belende galsyn! Parahatçylyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgeleri bütin dünýäde giňden dabaralandyrmak ugrunda uly tagallalary amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.