Ösüş arkaly parahatçylyk ýoluny gurýan ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda belent sepgitleri nazarlaýar. Ähli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we beýik tutumlar Watanymyzy dünýä giňişligine tanadýar. Ýakynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň geçirilmegi hem ýokarda beýan edilenleri doly tassyklaýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy forumyň ähmiýetini belende galdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň forumda eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Geografiýa taýdan serişdelere esaslanýan, döwrebap tehnologiýalardan, ekologik standartlardan, netijeli çözgütlerden döredilen uly ykdysady ösüşiň döwri geldi. Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde durmuşa geçirilýän energetika, ulag hem-de üpjünçilik taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine ünsi çekip, olaryň täze energetika, ulag, senagat, tehnologik geçelgeleri döretmek arkaly Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerini birleşdirmäge gönükdirilendigini nygtady.
Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatymyza, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygymyza ygrarlydygymyzy aýdyň görkezýär. Halkara derejede geçirilen bu forum, Türkmenistan döwletimiziň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi üpjün etmekde strategik ähmiýete eýedir. Munuň özi durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny deňhukuklylyk, taraplaryň bähbitlerini hasaba almak, şeýle-de ýurtlaryň we sebitleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garamak esasynda ösdürýär.
Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň adyndan iberilen gutlagyň okalmagy ýürekleri buýsanç duýgusyna beslän taryhy pursatlaryň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gutlagynda Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde, energetika, ulag, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmekde, degişli ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmakda halkara forumyň ähmiýeti aýratyn nygtalýar.
Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny hem-de «Açyk gapylar» ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi döwletimiziň at-abraýyny dünýä tanatmakda taýsyz tagallalaryň edilýändigini äşgär edýär. Ýurdumyzy şeýle beýik derejelere ýetirip, «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyny öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Yhlas NAZARGYLYJOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.