Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Sawçy hem sallahlar” atly gyzykly sahna oýny görkezildi.
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň wekilleri, işjeň agzalary, şeýle hem, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar we talyplar bu gyzykly sahna eseriniň tomaşaçylary boldular.
Sahna oýnunda ýaşlaryň durmuşyndan ençeme pursatlar janlandyrylyp, olarda watansöýüjilik, wepadarlyk, adalatlylyk ýaly ynsanperwer häsiýetler öz beýanyny tapýar.
Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.