“Görogly” dessanynda türkmen milli saz sungaty boýdan-boşa ör-boýuna galýar. Görogly özüniň ajaýyp duýgularyny goluna dutar alyp, saz bilen beýan edýär. Bu bolsa, dutaryň ajaýyp mukamlarynyň taryhynyň asyrlar aşyp gelýän milli gymmatlyklygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Şu ýerde bir ajaýyp jümle hakydaňa dolýar. Göroglynyň Araz çaýyndan uçup geçen Gyratyny görüp, begenjine “Taýymy görenimi saz bilen beýan edeýin” diýip, goluna dutar alyp, sazda buýsanç bilen beýan edýär:
Atam, saňa arzym aýtsam,
Araz çaýdan geçdi Gyrat,
Bir hümmet ýetdi möwlamdan,
Ganat kakyp uçdy Gyrat.
Şu pursatlary okan mahalyň, Göroglynyň jadyly türkmen guralyna gol berip, göwün baglap, öz pikir-hyýalyny ýüwürdip, joşa gelendigine buýsanjyň artýar. Asyl-ha, Görogly bilen bir hatarda Agaýunus, Öwez, Harman däli, Aşyk Aýdyň, Kerem, mahlasy gahrymanlaryň ählisi öz ýürek buýsançlaryny beýan etmekde gazma dutaryň gudratyna bil baglaýar.
“Bäş keleme söz aýdar gerek”, “Bir söz aýdar boldy, gör-bak näme diýýär” setirleri boýdan-boşa eseriň süňňüne ornaşyp, milli buýsanjymyzyň gudratyny has-da belentliklere göterýär. Bu pursatlar dessançylyk däpleriniň mynasyp nesliniň kemala gelmeginde nusgalyk mekdep bolup durýar. Çünki häzirki wagtda “Görogly” şahalaryndan söz açmadyk dessançy bagşy bolmasa gerek?! Ahyr öz döwründe Hoja bagşy, Ata bagşy, Pälwan bagşy, Nazar baga, Çuwal bagşy, Gurt Ýakup ýaly ezber bagşylar öz döwründe “Göroglyny” gürletmegiň hötdesinden gelip, nusgalyk ýoly geçip, ençeme şägirtleri ýetişdirmedilermi näme?! Ine, türkmeniň dessançylyk ýoly nirelerde? Bagşylary gürletseň-ä, dessançylyga gol beren her bagşa “Göroglyny” gürletmek başardýarmy nä?! Onuň üçin ýiti zehin, söýgi, yhlas gerek. Bu günki gün bolsa, ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoly mynasyp dowam etdirilip, bagşyçylyk sungatynyň mynasyp geljegi binýat bolýar.
“Görogly” şadessanynda halkymyzyň batyrgaýlyk, myhmansöýerlik, geçirimlilik, ak ýüreklilik, ynsanperwerlik häsiýetleri açyp görkezilýär. Bertels: “Görogly halk bilen berk baglydyr, jemagat bilen onuň arasyny üzmek mümkin däldir” diýip belleýär. Bu dessan diňe bir ýurdumyzda däl, dünýä jemgyýetçiliginde hem söýlüp okalyp, onuň ajaýyp şygyrlary dünýäniň ençeme dillerinde ýaňlanýar. Dessanyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa, onuň dünýäde giňden öwrenilmegi üçin giň mümkinçilikleriň gapysynyň açylandygynyň subutnamasyna öwrüldi.
Serwi AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.