TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

Ýaş ata eneleriň käbiri: “Çagam heniz ýaş, hiç zada düşünenok. Az-kem akyly ýetip, agy-garany saýgaransoň terbiýe bersek hem ýetişeris” – diýip,düşünýärler. Hakykatdan bu eýýäm giç. Türkmen halky perzent terbiýesini mydama üns merkezinde saklapdyr. Olar geljekki nesilleri eneleriň göwresinde wagty terbiýeläp başlapdyrlar. Ene göwreli bolan badyna üns-alada bilen gurşap alypdyrlar. Göwreli aýallar iş etmändirler, agyr ýükleri götermändirler. Dünýä injek çaganyň sagdyn, batyr, çalasyn, owadan.bolmagy üçin şeýle häsiýetleri özünde jemlenýän haýwanlaryň etlerini, çaganyň süýji dilli bolmagyny isläp, awlanan haýwanlaryň ýa-da guşuň  etiniň iň süýji ýerini saýlap, göwreli, çaga emdirýän enelere bişirip beripdirler. Miweleriň hem iň gowy ýokumlylaryny saýlapdyrlar.Göwreli gelinlere göwünleriniň küýseýän tagamlaryny taýýarlap beripdirler. Ýanynda bolar-bolmaz gybat gürrüň etmändirler, gözden-dilden, ýelden-günden gorap saklapdyrlar Bularyň hemmesi sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin çaganyň enesiniň göwresindekä terbiýelenýändiginiň  şaýadydyr.

Aslynda durmuş hekaýaty bolan bir tymsaly ýatlalyň.

Beýik türkmen akyldary Döwletmämmet Azady oglan okatmak bilen ýalkanan kişidir. Perzendi ýedi ýaşa ýeten ata-eneler çagalaryny Azadynyň ýanyna getirip:

-Ahun aga, şu dogmamyza edep hem ylym beräýseňiz-diýer ekenler.Şonda akyldar:

-Ylym bereýin, sebäbi ylym almagyň ýaşyna ýetipdir, emma edep has ir – çaga göwrede galan gününden başlaýandyr – diýer eken. Şonuň üçin hem,şu  wagta çenli nähili terbiýe beren bolsaňyz, maňa kämilleşdiräýmek galýar. Adam – agaçdyr. Oňa nowçalykdan, körpelikden ideg etmeli. Agaç ep – esli boý alyp,egri ösüp ugrandan soň düzetmek hyllalladyr.