EDEP ALTYN, TERBIÝE BAÝLYK

Taryhy çeşmelerde her bir ata-enäniň nesil terbiýesine örän seresaply çemeleşip, çagalaryna asylly gylyk-häsiýetleri öwretmegi barada nygtalýar. Türkmen maşgalasynda ýaş nesilleri watansöýüji, päk ahlakly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, mähir-mylakatly edip ýetişdirmekde däp-dessurlarymyzdan, Gündogaryň ägirtleriniň, nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinden ugur alynýar.

Terbiýe işi örän inçe bolup, bu ýolda ene-atanyň her bir hereketi çagalarynyň geljeginiň nurly aýnasydyr. X asyrda Hazar deňziniň günorta kenarynda ýaşap geçen Keý Kowusyň öz ogly Gilanşaha beren öwütlerini we pentlerini özünde jemleýän “Kowusnama” kitabynda şeýle diýilýär: “Perzent üçin terbiýeden gowy miras ýokdur”.

XI asyrda ýaşap geçen türkmen akyldary Abulwepa Horezmi “Mertebeler we kemlikler” atly eserinde: “Atanyň perzendiň öňündäki borjy oňa ýagşy at dakmaly, ýetişen çagy öýermeli we oňa edep-terbiýe bermeli. Olara ýazmany, hasaplamany we ýüzmäni öwretmelidirler” diýip belleýär.

Çagalarymyza biziň miras goýup biljek iň gymmatly baýlygymyzyň biri edep-terbiýe bolsa, beýlekisi hem, bilim bilen senet öwretmegimizdir. Rowaýatlara görä, Abu Hüreýre iň ýumşak adamlaryň biri ekeni. Her gün ir bilen öýden çykanda, ilki enesiniň gapysynda durup: “Ene, salawmaleýkim, Hudaýyň berekedi we merhemeti size nesip etsin! Çagakam terbiýeläniň we ulalanymdan soň sylanyň üçin, Alla saňa sylagyň iň haýyrlysyny bersin!” diýer ekeni. Enesi hem: “Maňa eden mähremligiň we ýagşylygyň üçin, seni hem Hudaýyň özi ýalkasyn!” diýýän ekeni.

Türkmeniň nusgawy şahyry we mugallymy Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eseriniň ikinji babynda adam ahlagyny terbiýelemegiň inçe syrlary aýan edilip, birek-birege hormat goýmak, ene-atany, dogan-garyndaşy, il-güni sylamak, ussadyň gadryny bilmek ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Şahyr ata-enä mähriban bolmaklygy, hormat goýmaklygy, ene-atanyň bir diýenini iki gaýtalatman, hyzmat etmekligi her bir perzendiň öňünde mukaddes borç edip goýýar.

 

Mährijemal TOÝMÄDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

 S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.