MEKDEP OKUWÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 8-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde guramagynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, olarda maşgala mukaddesligine bolan söýgi döretmek we milli ýol-ýörelgeleri wagyz etmek, şeýle-de ýetip gelýän «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmegi we tertip-düzgüni pugta berjaý etmegi gazanmak maksady bilen duşuşyk geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakda edilýän aladalar, olaryň watansöýüji, arassa ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ugrunda amala aşyrylýan işler dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Ýaramaz endiklerden we hereketlerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmak bilen bagly aýdylanlar gymmatly öwüt-ündewler ýaşlarda uly täsirleri döretdi.

Duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlar we olaryň bagtyýarlygy hakda edilýän bimöçber aladalar üçin hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ybraýym ANNAMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar