ÝAŞLARA ÖWÜT-ÜNDEWLAR AÝDYLDY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda etrabyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebinde ýaşlaryň sagdyn durmuş kadalaryna eýermegini gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Ýokary synp okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşykda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar, il agzybirliginde giňden bellenilýän şanly seneler barada aýdylyp, ýetip gelýän «Soňky jaň» dabarasynyň mekdep uçurymlarynyň durmuşyndaky ähmiýetine üns çekildi. Çykyş edenler «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek bilen bagly  okuwçy ýaşlara gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Duşuşygyň barşynda  ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, hünärli bolmagy ugrunda edilýän tagallalaryň ähmiýeti, ýaşlary bezeýän  watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, mertlik ýaly häsiýetler barada aýdylmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy.

Maýsa MYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar