MAŞGALA OJAGYNY SAKLAP...

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli tylda zähmet çeken Ogulsona Ahmedowanyň agzybir ojagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda 94 ýaşly kümüş saçly enemiziň ýeňişli günler üçin tylda zähmet çeken gelin-gyzlaryň we mährem eneleriň edermenligi hakyndaky tolgundyryjy ýatlamalaryny, öwüt-ündewlerini diňlemek has hem täsirli boldy.

Duşuşyga gatnaşanlaryň ählisi mährem ene Ogulsona Ahmedowany 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlap, oňa jan saglyk, uzak ömür arzuw edip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäde baky parahatçylygy pugtalandyrlyp, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Bilbil JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI