GAHRYMANLARA BAKY ŞÖHRAT

Ýakynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň etrap häkimligi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, uruş weterany Şammy Abdyýewi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlamak we sylaglamak maksady bilen uruş weteranynyň agzybir ojagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda uruş weterany Şammy Abdyýew bilen onuň gahrymançylykly söweş ýoly, duşmana garşy mertlerçe göreşen Watan ogullarynyň edermenligi, gaýduwsyzlygy, häzirki wagtda uruş we tylda zähmet çeken weteranlara goýulýan hormat-sarpa dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ata Watan üçin janyny orta goýan uruş weterany Şammy Abdyýewe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy we uruş weteranyna uzak ömür arzuw edildi.

Ýurdumyzda Watan gerçeklerine çuňňur sarpa goýýan, türkmen halkynyň bagtyýar, parahat durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Jennet ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI