Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda şäheriň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmagynda “Gadymy Merw” döwlet medeni-taryhy goraghanasyna gezelenç guraldy.
Gezelençde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri we orta mekdeplerden mugallymlar çykyş etdiler. Çykyşlarda Gadymy Merwdäki ýadygärlikler hem galalar hakynda gürrüň edilip, olaryň her biri ýaşlar üçin örän täsirli boldy.
Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
Kemal ÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly şäher Geňeşiniň başlygy.