Ýakynda Lebap welaýatynyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, şäher etrap Geňeşleri bilen bilelikde guramagynda dynç alýan çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de täsirli geçirmek maksady bilen «Sport sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy!» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.
Sport çäresiniň dowamynda oňa gatnaşan çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Gyzgalaňly we çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orna mynasyp bolan bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan çagalar özleri üçin döredip berilýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.