TÜRKMENIŇ MERDANALYK HÄSIÝETI

 

Arap hökümdarlarynyň biri hakda şeýle kyssa bar. Hökümdaryň uzak wagtlap perzende gözi düşmändir. Ahyry uzaga çeken bejergilerden, dileg-dogalardan soňra onuň ogly bolupdyr. Hökümdar şol sebitlere habar iberip, ogly üçin mynasyp terbiýeçini görmek isleýändigini jar çekdiripdir. Wezir-wekilleriniň maslahaty esasynda, ahyry bir gojany saýlap alypdyr. Goja hökümdardan oglunda nähili häsiýetleri görmek isleýändigini sorapdyr. Hökümdar: «Meniň oglumda araplaryň myhmansöýerligi, parslaryň paýhaslylygy we türkmenleriň merdanalyk häsiýeti jemlensin» diýipdir.

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 104 okalan

MUHAMMET ALYNYŇ «OGUZNAMASY»

21 Oktýabr 2025 | 432 okalan

ALAJALY ÝOL — NURANA ÝOL