SPORT WE TERBIÝE

Sport we terbiýe bir-biri bilen baglanyşykly düşünjelerdir. Sportuň jemgyýetdäki ähmiýetiniň esasy sütüni onuň terbiýeçilik güýjünde jemlenýär. Sport ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerine, ahlak taýdan kämilleşmegine, ruhy taýdan pugtalanmagyna, beden taýdan sagdyn ýetişmegine, jemgyýetçilik taýdan işjeňleşmegine, milli terbiýäniň dowam etdirilmegine hem-de şahsyýet hökmünde öz ýoluny tapmagyna uly täsir edýär.

"Sagdyn bedende sagdyn ruh" diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Sport ýaşlara maksada ygrarly bolmagy, ýeňlişe çydamlylygy, ýeňşe ýetmek üçin zähmet çekmegi öwredýär. Sport arkaly ýaşlaryň arasynda dostluk, agzybirlik, hormat goýmak ýaly ahlakly sypatlary kemala getirýär. Toparlaýyn oýunlarda her bir oýunçy diňe öz bähbidini däl, toparyň netijesini öňe tutýar. Munuň netijesinde, umumy maksat üçin birleşmek, birek-birege goldaw bermek ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini ösdürýär.

Türkmen halkynyň taryhynda milli sport görnüşleri ýaşlaryň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine, olaryň watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam edýär. Döwrebap sport bilen milli sport utgaşdyrylanda, ýaş nesil döwrüň talaplaryna laýyklykda ösüş gazanýar, hem-de öz kökünden üzülmän, milli ruhy saklap galýar.

Döwletgeldi GUWANJOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Sentýabr 2025 | 8 okalan

SPORT WE TERBIÝE