TÄZE BILIM OJAGY – GIŇDEN AÇDY GAPYSYN

Eziz Diýarymyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar” gününiň dabarasy belende göterilýär. Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde bellenilýän bu baýramçylyk, ähli çagalar we ýaşlar üçin, bilim ulgamy üçin nuryny çaýdy.

Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary – parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, asylly däbe görä, Türkmenistan diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Bilimler we talyp ýaşlar” gününde açylyp ulanylmaga berilen binalaryň biri-de, häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň çäginde ýerleşýän 135-nji orta mekdebidir. Şanly dabarada körpeleriň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Mekdebiň okuw otaglarynda, okatmagyň iň döwrebap usullaryndan peýdalanmaga, okuw-usulyýet işini kämilleşdirmäge şertler döredildi. Bu mümkinçilikler mugallymlary hem, bu ýerde bilim aljak ýaşlary hem, aýratyn buýsandyrýar. Täze mekdepde birinji synpa uly buýsanç bilen gadam basan körpeleriň ählisine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan kompýuter sowgatlary dabaraly gowşuryldy.

Dabara gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Nurmuhammet DÖWLETOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 20 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 21 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI