Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Obadyr şäherlerde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary gurulýar. Türkmenistan ýurdumyzyň 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň “Milli maksatnamasynda” we beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň tebigy we takyk ylyma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar we wezipeler, öňde goýlan hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçiliklerimiz bardyr. Türkmenistan döwletimizde ýaşlara bilim ulgamynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.
Ynha şu gün, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň mejlisler zalynda bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyş edenler mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, bu çagalar bagynda örän oňaýly şertler döredilendigini, bakja toparlary okatmagyň we terbiýe bermegiň iş usullaryndan we döwrebap tehnologiýalardan, okuw maksatnamasynyň wezipelerinden baş alyp çykyp bilýän kämil çagalaryň zerurlygy ýüze çykýar. Çagalar baglarynda terbiýeçileriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmegiň dürli ugurlary bar. Iň esasy ugurlaryň biri-de, bakja toparlarda sapak bermek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiň manysy” atly kitabynda şeýle belleýär: “Hakykatda, çagany hünäre ugrukdyrmak, onuň terbiýesiniň has irki döwürden ene hüwdüsinden başlanýandyr. Ene hüwdüsi bu çaga üçin dogadyr. Ene hüwdüsi, bu perzendiň il-halkyny söýýän, sylagly, ýagşy ýörelgeli, ajap hünärli adam bolup ýetişmegi baradaky ilkinji sapaklarydyr. Şeýle-de, bakja baglarynda orta mekdeplerde zähmet çekýän terbiýeçiler, mugallymlar bilim ulgamyny ähli babatda ösdürmek boýunça berilýän tabşyryklardan ugur alyp, körpe nesillerimize, ýaşlarymyza bilim, terbiýe bermekde öz gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Täsirli geçen wagyz-nesihatyň ahyrynda, bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maýa ŞÄMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.