“BIZ OWAZ BILEN” ATLY AÝDYM-SAZLY GEPLEŞIŇ TÄZE SANY ÝAZGY EDILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Türkmen owazy” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Biz owaz bilen” atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky täze sany ýazgy edildi.

Gepleşigiň bu gezekki sanyna Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň “Owaz” aýdym-saz toparynyň aýdymçysy Şazada Annagulyýew gatnaşdy.

Gepleşigiň dowamynda aýdymçy Şazada Annagulyýew tarapyndan mähriban käbelerimizi wasp edýän “Eje” atly aýdymy, mundan başga-da “Peri gyzy”, “Ahal gözeli”, “Ýarally” atly aýdymlary hem-de dünýä dillerindäki ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirilip, duşuşygyň dowamynda ýaş aýdymçy bilen dürli sorag-jogaplar alyşyldy. Gepleşigiň bu sany diýseň täsirli hem, gyzgalaňly geçdi, şeýle hem aýdymçy tarapyndan Türkmenistan Watanymyzy wasp edýän ajaýyp aýdym bilen jemlendi.

Gepleşigiň ahyrynda ýaş zehinli aýdymça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgady gowşuryldy. Ol hem öz gezeginde medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda ähli giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdy.

Annamuhammet NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 10 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 8 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI