Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda, ýurdumyzda ulydan toýlanýan “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli “Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi” atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazga geçirildi.
Gepleşigiň dowamynda oňa gatnaşanlar, ata-babalarymyzdan mekdep bolup gelýän belent maksatlar üçin, okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň bilim almagyna, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmagyna uly üns berilýändigi, häzirki wagtda ýurdumyzda gazanylýan belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda ylymly, bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydygy barada beýan etdiler.
Şeýle-de ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksady bolup, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda paýtagtymyz Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde, etraplarymyzda, şäherdir obalarymyzda häzirki zaman iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen, bilim edaralarynyň onlarçasynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilendigini buýsanç bilen nygtadylar.
2025 – 2026-njy okuw ýylynda bilimler dünýäsine ilkinji gadam basan 1-nji synp körpelerimiziň ählisine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleri gowşuryldy. Munuň özi halkymyzyň milli ýörelgeleriniň giňden dabaralanýandygynyň hem-de bilim özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Gepleşigiň ahyrynda çykyş edenler, häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda okamaga, öwrenmäge, işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.