SPORT – ULA ÝÖRELGE, ÝAŞLARA GÖRELDE

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda «Sport – ula ýörelge, ýaşlara görelde» atly şygar astynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi. «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek maksady bilen geçirilen bu sport bäsleşigi örän gyzykly we çekeleşikli geçdi. Bäsleşige gatnaşanlara we ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilen sport bäsleşigine gatnaşanlar döredilýän ähli giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Batyr GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 45 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

29 Oktýabr 2025 | 58 okalan

ZEHINLI ÝAŞLAR

29 Oktýabr 2025 | 31 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI