ZEHINLI ÝAŞLAR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň, Görogly etrabynyň bilim bölümi bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebinde «Zehinli ýaşlar» atly sowal-jogap bäsleşigini geçirdi. Mekdep okuwçylarynyň güýzki dynç alyş möwsümlerini gyzykly we täsirli geçirmeklerini gazanmak, ýaşlaryň pikirlenmek, pikirini jemlemek, öz pikirlerini beýan etmek ukyplaryny ösdürmek, ýaşlary täze bilimlere höweslendirmek we olaryň bilesigelijiliklerini artdyrmak, şeýle hem etrabyň orta mekdeplerinde okaýan zehinli okuwçylaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen sowal-jogap alyşma bäsleşigine, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çägindäki orta mekdepleriň ählisiniň toparlary gatnaşdy. Bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna laýyklykda, her tapgyra dört sany topar gatnaşyp, onda ýeňiji bolmagy başaran topar bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Iki günläp dowam eden zehin bäsleşigine gatnaşan okuwçylar, bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan taýýarlanan dürli temadaky sowallaryna dürs we çalt jogap bermek boýunça öz zehinlerini görkezdiler. Gyzykly, täsirli we çekeleşikli pursatlara baý görnüşde geçen bu sowal-jogap bäsleşigi orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlaryň arasyndan iň zehinli, bilimli toparlary ýüze çykardy. Bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan edilende Daşoguz welaýatynyň Görogly  etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň topary I orna, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň topary bolsa II orna mynasyp bolup, öz deň-duşlaryndan saýlanmaklygy başardylar.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan toparlaryň agzalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi hem-de Görogly etrabynyň bilim bölümi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan ýaşlar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Güljemile AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 52 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

29 Oktýabr 2025 | 65 okalan

ZEHINLI ÝAŞLAR

29 Oktýabr 2025 | 47 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI