PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň  müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4 – 12-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen döredijilik bäsleşiginiň Akdepe etrap tapgyry geçirildi.

Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.

Döredijilik bäsleşigine Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 – 12-nji synplarynda okaýan okuwçylary gatnaşdylar. Olar Watan ezizligi, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, hormatly Prezidentimize we Türkmenistan döwletimize bolan çuňňur söýgüsini açyp görkezýän hem-de «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmeleri, çeken suratlary we maketleri bilen gatnaşyp, düzme bäsleşiginde I orna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Kulyýewa Göwher, II orna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Allabaýewa Aýgözel; surat çekmek boýunça bäsleşiginde I orna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Agaýewa Aýnur, II orna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Ataýew Otuz; maket bäsleşiginde I orna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Akmedow Şatlyk, II orna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Çaryýewa Aýna döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşyp ýeňiji bolan okuwçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Bäsleşige gatnaşan bagtyýar ýaş nesiller döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Sülgün PIRIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Öňki makala

ZEHINLI ÝAŞLAR

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 52 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

29 Oktýabr 2025 | 64 okalan

ZEHINLI ÝAŞLAR

29 Oktýabr 2025 | 47 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI