PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň bilim bölümi bilen bilelikde etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebinde «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň Görogly etrap tapgyryny geçirdi. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigine, etrabyň çägindäki orta mekdepleriň 4 – 12-nji synplarynda okaýan okuwçylar «Dünýä dursun parahat!» diýen temada düzme ýazmak, maket ýasamak hem-de surat çekmek ýaly dürli ugurlar boýunça gatnaşdylar.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda bäsleşige eminlik edýän eminler topary okuwçy ýaşlaryň çeken suratlaryna, ýasan maketlerine, ýazan düzmelerine seljerme berip, bäsleşigiň etrap tapgyrynyň ýeňijilerini yglan etdiler. Eminler toparynyň gelen gutarnykly netijesine görä, düzme ýazmak boýunça Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 65-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Göwher Täjimyradowa I orny, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýazbibi Begmedowa II orny, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aýbölek Öräýewa III orny eýeledi. Maket ýasamak boýunça Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Jumadurdy Artykow I orny, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Arzuw Töräýewa II orny, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Ýalkap Saparow III orny eýeledi. Surat çekmek ugry boýunça Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 65-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Kakamyrat Arazow I orny, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Halbibi Sabyrowa II orny, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mahym Jumaniýazowa III orny eýeläp bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň hem-de Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikdäki Hormat hatlary gowşuryldy.

Begenç GARAMURADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Indiki makala

ZEHINLI ÝAŞLAR

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 52 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

29 Oktýabr 2025 | 65 okalan

ZEHINLI ÝAŞLAR

29 Oktýabr 2025 | 48 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI