Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynda mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Kitap bilimiň hazynasy» atly duşuşyk çäresi geçirildi.
Ýaşlary kitaphana ulgamyna işjeň çekmek, ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen çärede jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de etrabyň merkezi kitaphanasyna gatnaýan mekdep okuwçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda beýik akyldar, söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýulýandygy barada aýratyn belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Eziz ORAŞOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.












