Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan XXI asyryň täze ösüşlerinde bilim ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Häzirki döwürde dünýäniň çalt täzelenýän bilim-aragatnaşyk gurşawy, maglumat tehnologiýalarynyň ösmegi we global hyzmatdaşlygyň giňemegi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Şol mümkinçilikleriň has-da üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli berkemegine baglydyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary täze derejelere çykaryldy. Ýurdumyz ÝUNESKO, ÝUNISEF, BMG-niň taryhy we medeni meseleler boýunça ýörite ugurlary, şeýle hem halkara bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Şol hyzmatdaşlygyň esasynda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, ýokary okuw mekdepleriniň halkara akkreditasiýadan geçirilmegi we öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy giň gerimde amala aşyrylýar.
Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň esasy maksady – ýurdumyzyň ýaş nesline dünýä derejesindäki mümkinçiliklerden peýdalanmaga şert döretmekden ybarat bolup durýar. Hut şu ugurdan ugur alyp, daşary ýurtly mugallymlar, hünärmenler bilen tejribe alyşmalar, talyplaryň akademiki hereketliligi boýunça ylalaşyklar, halkara olimpiadalaryna gatnaşyklaryň artmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr.
Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi diňe bir bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyna hem-de diplomatik gatnaşyklarynyň giňelmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky strategiýasy jemgyýetiň ösüşine, ylmyň we tehnologiýalaryň depginli ösmegine laýyklykda geljege gönükdirilen möhüm ädim bolup durýar.
Orazgeldi ATAHALLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň baş buhgalteri.












