DUTAR — MILLI SAZ SUNGATYMYZYŇ DÖWLET DEREJESINDÄKI ÄHMIÝETI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň halkara derejesinde wagyz edilmegi, olaryň döwrebap ösdürilmegi syýasy-jemgyýetçilik taýdan uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Şol milli gymmatlyklaryň arasynda dutar, türkmen halkynyň müňýyllyk döredijilik zehininiň, ruhy dünýäsiniň hem-de döwletlilik ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Dutar diňe bir saz guraly bolman, eýsem halkymyzyň taryhy ýollarynyň, edep-ekramynyň, watançylyk duýgusynyň we ruhy bitewiliginiň çuňňur manyly nyşanydyr. Dutar saz sungaty dünýä halklarynyň arasynda özboluşly medeni köpri bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanda her ýyl geçirilýän halkara festiwallarda, döwlet derejesindäki we daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çärelerde dutaryň öwüşginli owazy ýurdumyzyň beýik medeni mirasyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen dutarçylyk sungatynyň ösdürilmegi, dutar çalmak sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň iň möhüm üstünlikleriniň biridir.

Dutar – türkmen halkynyň ruhy dünýäsi, medeni beýikligi we döwletlilik ýörelgeleriniň bütinleý beýanydyr. Onuň döwlet derejesinde goralyp, ösdürilmegi halkymyzyň geljegine goýlan beýik maýa, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrýan möhüm syýasy mümkinçilikdir. Dutar arkaly halkymyzyň parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgeleri dünýä ýaýylýar. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýandygyny hem-de ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlykda ynamly öňe barýandygyny görkezýär.

Beýzali ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.